Yza
Merw News

Ýeňişli  ýollaryň  köp  bolsun, jeýhun!

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerýän türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, eziz Watanymyzyň ezber ussatlary bolup ýetişýärler. Şol ussatlaryň hatarynda ýaşlaryň hem bolmagy bizi örän buýsandyrýar. Mary şäherindäki 21-nji orta mekdepde bilim-terbiýe alýan Jeýhun Orazmämmedow hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy arzuw edýär we sport bilen meşgullanyp başlaýar. Şeýlelikde, ol 2-nji synpda Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Abdy Abdyýewiň elinde sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça tälim alýar. Jeýhun ýaşlygyna garamazdan, welaýat we döwlet derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryna we Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, birnäçe gezek welaýatymyzyň hem-de ýurdumyzyň çempiony boldy. Oňa 2023-nji ýylda sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça ulularyň I we 2025-nji ýylda sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça ulularyň II sport derejeleriniň berilmegi ony täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaş türgen Jeýhun Orazmämmedow 2025-nji ýyldan bäri Mary şäherindäki 4-nji, 8-nji sport mekdeplerine, sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça türgenleşige gatnap, şäherdäki 4-nji sport mekdebiniň halypa tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň, 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mähri Agaýewanyň goldawy bilen onuň sportda ussatlygy artyp başlaýar. Ol her ýylda sportuň taekwon-do (WT), (WTF) we (ITF) görnüşlerinde geçirilýän ýaryşlarda öz agramynda şowly çykyş edip, 1-2-nji orunlary eýeläp gelýär we Türkmenistanyň kubogyna, birnäçe medallara, diplomlara we Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. “Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, ýaşlykdan özüniň erjelligi bilen ýeňşe tarap ynamly gadam urýan Jeýhunyň çagalykdaky arzuwy, sporta bolan söýgüsi ony uly ýeňişlere ýetirýär. Geçen ýylyň dowamynda we üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde ençeme gezek Türkmenistanyň taekwon-do (ITF) Milli merkeziniň synaglaryndan geçip, gara guşaga hödürlenilmegi onuň sportdaky başarjaňlygyny subut edýär. Häzirki wagtda şäherdäki 21-nji orta mekdebiň 12-nji synpynyň iň göreldeli okuwçysy, ýaş taekwon-doçy Jeýhun Orazmämmedow okuwdan boş wagtlaryny diňe türgenleşikde geçirýär. Biz hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy maksat edinen Jeýhun jigimize mundan beýläk-de üstünlikli we ýeňişli ýollarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris. Goý, geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjek ýaşlaryň sany köp bolsun! Bahargül MEJIDOWA.

Teswirler

Ýüklenýär…

Çeşmä geç