Hünär ussatlygyna bagyşlanyldy

Golaýda welaýat çagalar kitaphanasynyň guramagynda şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň çagalar bölümçeleriniň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda geňeş maslahaty geçirildi. “Okaýşa ýolbaşçylyk etmegiň köpçülikleýin usullary we görnüşleri” ady bilen geçirilen maslahat ähli kitaphanaçylar üçin örän täsirli boldy. Maslahatda kitaphanaçylar özara tejribe alyşdylar. Onuň dowamynda çagalaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak we okyjylar bilen işleşmegiň döwrebap usullaryndan peýdalanmak ýaly temalardan giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahaty welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Emine Gurbanmyradowa açdy we alyp bardy. Şeýle-de, maslahatda welaýat çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Ýazsoltan Jumadurdyýewa, Mary etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Enejan Salyhowa, Wekilbazar etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Bossan Amannazarowa çykyş etdiler. Olar bu maslahatyň welaýatymyzyň kitaphana işgärleriniň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini nygtadylar. Geňeş maslahatynyň barşynda kitaphanaçylar tarapyndan hödürlenen täze usullar — bäsleşikler, edebi agşamlar we sanly ulgam arkaly kitaphananyň işini mahabatlandyrmak ýaly meseleler hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Aýnabat ORAZOWA.
Teswirler
Ýüklenýär…





