Yza
Merw News

Behişdi bedewleriň mekany

TSTP-niň welaýat komiteti Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde “Türkmenistan — behişdi bedewleriň mekany” at bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda guralan bu çäre işjeň häsiýete eýe bolup, oňa TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, telekeçiler, mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, ýokarda ady agzalan mekdebiň mugallymlary Göwher Gurtlyýewa, Hoşgeldi Berdimyradow çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynyň çuň many-mazmuny, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz döwletimizde atçylygy ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Röwşen GELDIMYRADOW.

Teswirler

Ýüklenýär…

Çeşmä geç