Yza
Merw News

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler Mary welaýatynyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem welaýatyň “Marguş” myhmanhanasynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilip, ol çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu dabara mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasynda şadyýanja çagalar özleriniň buýsançly kalbyndan çykýan şirin aýdymlaryny we ajaýyp tans çykyşlaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda çaga dünýäsine mahsus bolan dürli çykyşlary görkezilmegem çagalaryň ýüreklerini joşdurdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň göwün joşduryjy çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada edýän aladalaryň, bagtyýar Watanymyzyň waspy aýratyn beýan edildi. Bagtyýar çagalar özleri üçin döredip berýän giň şertleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler. Aýgül Berdiliýewa.

Teswirler

Ýüklenýär…

Çeşmä geç