Türkmenistan-Özbegistan: söwda dolanyşygy 1 milliarda ýetiriler

1 gün ozal 8

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Bu mejlisde özbek tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary – maýa we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow, türkmen tarapyna bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew başlyklyk etdi.

Özbegistanyň resmi habarlar gullugynyň habaryna görä, taraplar maýa goýum, söwda we ykdysady, senagat, energetika, oba hojalygy, suw dolandyryşy, ylmy we tehniki, ulag we kommunikasiýa, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisde edilen çykyşlarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen tarapynyň gatnaşmagynda 160 kärhana hereket edýär we şu ýylyň birinji ýarymynda söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20 göterim artdy.

Agrosenagat toplumynda, awtoulag, dokma, deri we aýakgap pudaklarynda, gurluşyk materiallary we elektrik enjamlary pudagynda önümçilik kärhanalaryny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Taraplar iki ýurduň önümleriniň Türkmenistanyň we Özbegistanyň bazaryna durnukly çykarylmagy babatda degişli çäreleri geçirmäge taýýardygyny belläp, ýakyn geljekde söwda dolanyşygynyň 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinilýändigini bellediler.

Şeýle hem, ýakyn wagtda türkmen-özbek serhet söwda zolagynyň işini döretmek we düzgünleşdirmek baradaky Ylalaşyk taslamasynyň tassyklanmagy tamamlanar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hem pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde nebitgaz pudagy, oba hojalygy we suw dolandyryşy, energiýa, himiýa we awtoulag senagaty, ekologiýa, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk pudagynda mundan beýläk-de amaly hyzmatdaşlyk barada birnäçe möhüm ylalaşyk gazanyldy.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Bütin makalany okaň