Türkmen-rus biznes-forumy çagyrýar

1 gün ozal 18

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy 20-nji oktýabrda onlaýn görnüşinde “Täze çagyryşlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri” atly türkmen-rus biznes forumyň boljakdygyny habar berýär.

Baş maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň arasyndaky işbirligi ösdürmek we berkitmek bolan bu çäre indi sekizinji gezek geçirilýär. Senagat önümçiligi, oba hojalygy, logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalary ösdürmek pudaklarynda türkmen we rus şereketleriniň arasynda has ysnyşykly arabaglanyşygy ýola goýmak öňde duran forumyň ileri tutýan wezipeleriniň käbirleridir.

Foruma gatnaşmaga ýerli iş adamlary we telekeçiler çagyrylýarlar. Munuň üçin ccitm.int@gmai.com elektron poçta boýunça degişli isleg hatyny ibermelidir.

Goşmaça maglumat almak üçin, şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +99312 398895, +99312 398897.

Swetlana Çirsowa

Buker baýragynyň gysga sanawy yglan edildi

Bütin makalany okaň