Ronaldo her gezek «Mançester Ýunaýtediň» esasy düzümine girermi?

2 günler ozal 17

«Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi Ole Gunnar Sulşer Kristiano Ronaldonyň hemişe esasy düzümde oýnap-oýnamajakdygy baradaky sowala jogap berdi.

Ýeri gelende aýtsak, portugaliýaly hüjümçi topara gaýdyp geleninden soň, ilkinji oýunda dubl etdi.

Sulşer bu barada: «Kristiano özi hakda köp alada edýär, şonuň üçinem onuň tiz diklenip gitjekdigini bilýärdim, ol möwsümden öňki türgenleşikleri hem geçirdi. Sişenbe güni «Ýang Boýz» bilen oýnaýarys. Nähili oýun boljakdygyny göreris. Emma Ronaldony esasy düzümde goýbermezlik mümkin bolmajak iş däl. Ol 36 ýaşynda, Griwud  bolsa 19 ýaşynda. Men ikisine-de minutlary bölüp bermeli» diýdi.

Putin ŞHG-niň sammitine onlaýn gatnaşar

Bütin makalany okaň