“Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirildi
Ahal infoAhal info
18
“Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirildi
Şu ýylyň 15 – 17-nji maýy aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde ýerleşýän Sergiler merkezinde “Caspian Agro” atly Azerbaýjanyň 17-nji halkara oba hojalyk sergisi geçirildi. Türkmen telekeçileri bu sergä ilkinji gezek öz önümleri bilen gatnaşdylar.    Türkmenistandan başga-da, sergä Germaniýadan, ABŞ-dan, Belarus Respublikasyndan, Belgiýadan, Çehiýadan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Estoniýadan, Owganystandan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Ysraýyldan, Şwesiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Indoneziýadan, Latwiýadan, Müsürden, Niderlandlardan, Özbegistandan, Pakistandan, Polşadan, Gazagystandan, Russiýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Tailanddan, Türkiýeden, Şri-Lankadan, Wenesueladan, Ýaponiýadan we Gresiýadan kompaniýalar gatnaşdylar.    Oba hojalyk tehnikalary, oba hojalyk desgalary we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplaýyş, oba hojalygynda, maldarçylykda, guşçulykda, bal aryçylyk, iýmleriň we dökünleriň önümçiliginde, weterinariýada, bagçylykda, miweleri hem-de bakja ekinleri ösdürip ýetişdirmekde innowasion tehnologiýalar üç günläp dowam eden “Caspian Agro” sergisiniň esasy bölümlerini düzdi.   Şeýle hem türkmen kompaniýalary degişlilikde, 15 – 17-nji maýda geçirilen “InterFood Azerbaijan” atly Azerbaýjanyň azyk senagatynyň 29-njy halkara sergisine gatnaşdylar.   Ogulşirin Gündogdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Biznes