Şu gün paýtagtymyzda halkara bäsleşik badalga alýar
Ashgabat inAshgabat in
68
Şu gün paýtagtymyzda halkara bäsleşik badalga alýar
Şu gün ýagny 22-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti» atly halkara bäsleşigi badalga alar. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan bilelikde guralýar. Halkara bäsleşikde Türkmenistandan hem-de gatnaşyjy ýurtlardan talyplaryň 250-si çykyş ederler. Bäsleşik türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň hem-de 9 ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň wekillerini bir ýere jemlär. Bäsleşik aýratynlykdaky we toparlaýyn görnüşlerinde geçiriler. Continue reading Şu gün paýtagtymyzda halkara bäsleşik badalga alýar at InAshgabat.
Türkmenistan