Gazagystanyň gurluşyk materiallaryny Türkmenistana ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Business TmBusiness Tm
42
Gazagystanyň gurluşyk materiallaryny Türkmenistana ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow penşenbe güni Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri Kanat Şarlapaýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Gazagystanyň gurluşyk materiallaryny Türkmenistana ibermek meselesini...
Meşhur habarlar
Biznes
  • Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri
    Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri
    Ahal infoAhal info
    Gün panel - bu ulgam günden gelýän ýagtylyk energiýasyndan gün batareýalarynyň kömegi bilen optimal, elektrik energiýasyny almaga niýetlenendir. Gün şöhleleri gün batareýasyna düşen wagty onuň energiýa öndürijilik ukyby beýleki ýagdaýlara seredeniňde has işjeň bolup durýar. Onuň üçin gün paneliniň  gündiziň islendik wagty Güne perpendikulýar ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmeli. Ony amala aşyrmak üçin Günüň hereketini yzarlaýan, ýagny, “Iki ok boýunça Gün energiýasynyň intensiw akymynyň düşýän burçyna awtomatlaşdyrylan sazlanýan ulgamy” işlenip düzüldi.   Güni yzarlaýjy ulgamyň ulanylmagyň netijeliligi. Bu awtomatiki gurluş iki taraplaýyn dikligine we keseligine hereket edip, Güne göra öz üstüni perpendikulýar ýagdaýda saklaýar. Keseligine we dikligine hereketi ýörite gurnalan hereketlendirijileriň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu ulgam özüniň yzarlama häsiýetini işjeň ýagdaýda alyp barýar we energiýa mukdaryny ýokary derejede artdyryp almak üçin hereketini özgerdýär.    Gün energiýasynyň daşky gurşawymyz üçin amatly çözgütleriň biridir. Gün energiýasy gazylyp alynýan ýangyçlara bolan garaşlylygy azaltmak, çäkli çeşmeleriň üstündäki ýüki ýeňilleşdirmek we planetany sagdyn saklamak ýaly artykmaçlyklary bardyr. Emma gün energiýasy ulanylanda göz öňünde tutmaly köp zat bar. Işewürlere gün energiýasynyň peýdalary we tebigy kemçilikleri bilen tanyşmak, gün energiýasy barada has köp zat öwrenmäge kömek eder.   Gün energiýasy Türkmenistan ýaly gün şöhlesi köp bolan ýurtda üznüksiz, durnukly, ygtybarly we arassa elektrik üpjünçiligi üçin iň oňat çözgütleriň biridir. Gün energiýasy esasan hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hyzmatlaryň hilini güýçlendirmäge kömek eder. Mundan başga-da, taslama saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň Klimatyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyna laýyklykda alternatiw energiýa çeşmelerini we howanyň durnuklylygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär.   Merdan AKMUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň uly mugallymy.
    1
  • Agro pack sergisi öz işini tamamlady
    Agro pack sergisi öz işini tamamlady
    Ahal infoAhal info
    15-17-nji maýda Türkmenistanyň Söwda senagat ministrliginiň sergi köşgünde azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň sergisi geçirildi.   Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň ýüzden gowrak wekili öz önümlerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda Oba hojalyk ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri bar. Bular bilen birlikde Russiýadan, Türkiýeden, Belarusiýadan, Özbegistandan halkara sergä gatnaşýanlar innowasion tehnologiýalara we «nou-haulara» ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.   Sergide ýurdumyzda hereket edýän azyk senagatyna degişli önümleri öndürýän hojalyk kärhanalary, hökümet edaralaryna degişli kärhanalaryň täze önümleri sergilendi. Şeýle-de önümçilikde ulanylýan tehnologiýalary bilen tanyşmaklyga we işleýiş tertibi bilen giňişleýin tanyşyp maglumat alamaga mümkinçilik döredildi.   Bu gezekdäki Azyk önümçiligine degişli serginiň azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmaga, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmäge we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik boldy.   Ylýas Annamyradow, Türkmen oba hojalyk  institutynyň talyby.
    9