Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Business TmBusiness Tm
35
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ahalteke atçylyk athanasynda anna güni Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýanyň “Jeýkob Ferdezuçt...
Biznes
  • Durmuş-ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri
    Durmuş-ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri
    Ahal infoAhal info
    Ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň alyp barýan işleri ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary yzygiderli amala aşyrylýar.     Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň talaba laýyk ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.   Häzirki wagtda mili ykdysadyýete goşmaça maýa goýum serişdelerini çekmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlara möhüm üns bilen garalýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.   Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň durmuş goraglylygyna degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Hereket edýänleri bolsa has-da kämilleşdirildi. Raýatlaryň pensiýa, aýratyn toparlaryň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň döwlet kepillikleri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde öz mazmunyny tapýar.    Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinden başga-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini, Maşgala kodeksini, Zähmet kodeksini, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda, Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda, Durmuş hyzmatlary hakynda, Hossarlyk we howandarlyk hakynda, Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda Kanunlaryny görkezmek bolýar. Şu we beýleki kanunçylyk namalarynyň üsti bilen zähmete ukypsyzlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlary, iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligi amala aşyrylýar.    Süleýman GARAÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
    14
  • Hususy telekeçilik ösüşler ýolunda
    Hususy telekeçilik ösüşler ýolunda
    Ahal infoAhal info
    Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, köpsanly anyk çäreler durmuşa geçirilýär.    Ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.   Biziň ykdysady we söwda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň gerimi barha giňeýär, gatnaşyklar täze depgine eýe bolup, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär. Soňky ýyllarda hususy kärhanalar özleri üçin bazaryň täze ugurlaryny, şol sanda daşary ýurtlarda täze ugurlary ynamly özleşdirýärler.   Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni we ylmy aragatnaşyklarynyň ösdügiçe howa transport ugurlarynyň tory-da barha giňelýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra,1992-nji ýylda GDA ýurtlarynyň arasynda Türkmenhowaýollary ilkinji bolup Boing uçaryny satyn aldy.   Türkmenistan milli awiakompaniýasynyň Ahal, Hazar, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we beýleki aeraportlaryndan howa transporty, goňşy ýurtlaryň paýtagytlary we ýurduň uly şäherleri aralygyna, aýratyn-da ýolagçy daşamakda möhüm işler ýerine ýetirilýär.   Ahmet MUHANOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
    19
  • Milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylýar
    Milli ykdysadyýet sanlylaşdyrylýar
    Ahal infoAhal info
    Eziz ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyjy esasynda milli ykdysadyýeti sanlaşdyrmak we ýurdumyzy häzirkizaman elektron senagaty bolan ösen döwlete öwürmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda esasy maksatlaryň biri hökmünde ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýetiň we elektron senagatynyň şertlerine uýgunlaşdyrylan bazar özgertmeleriniň dowamly durmuşa geçirilmeginiň üpjünçiligi bellenilýär.      Bu wezipeleriň çözgüdinde esasy orny banklar eýeläp, olaryň ösüşiniň esasy maksatlary uzak aradaşlykdaky hyzmat edilmäniň, şol sanda, internetiň we mobil bankinginiň, özara hasaplaşyklaryň elektron serişdeleriniň, beýleki maliýe gurallarynyň peýdalanylmagydyr. Ilata hyzmatlaryň şu toplumyny hödürlemek mümkinçiligi dürli ýurtlaryň bank ulgamlarynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri bolup durýar.   Türkmenistanyň banklary Internet-banking diýen umumy ady alan uzak aradaşlykdaky hyzmat edilmäniň geljegi bolan tehnologiýalaryny giňden özleşdirýärler. Internet-banking öz gözbaşyny geçen ýüzýyllygyň 80-nji ýyllaryndan, haçanda ABŞ-da goýumçylara özleriniň hasaplaryny telefonyň üsti bilen bankyň kompýuterine birikmek arkaly barlamak mümkinçiliklerini hödürlän Home Banking ulgamynyň döredilen wagtyndan alyp gaýdýar. Häzirki wagtda demirgazyk Ýewropa we Amerika ýurtlarynda şu görnüşli hyzmatlardan ilatyň 50 göterimden gowragy peýdalanýar, internetiň kämillik ýaşyna ýeten ulanyjylarynyň arasynda bolsa bu san 90 göterime ýetdi.           Internet-banking ulgamynyň hödürleýän mümkinçilikleri ilkinji nobatda, tiz we ýeňil usulda pullaryň hümmetleri, täze bank önümleri, bank täzelikleri hakynda maglumaty almak, pul ýagdaýlary hakynda maglumaty bilmek mümkinçiligini berýär. Biziň ýurdumyzda bar bolan, köp banklar tarapyndan hödürlenilýän Internet-banking ulgamynyň diňe hasaplar boýunça göçürmeleri görmek hyzmatyny öz içine alýandygyny aýratyn belläp geçmeli.    Bankyň müşderileri edaradan çykman diňe bir özleriniň bank hasaplaryny ýöretmek däl, eýsem, belli bir derejede çykdajylary kemeldip we wagtlaryny tygşytlap bilýärler.   Sylap KULYÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
    16