«Uzum» – bazar bahasy 1,16 milliard dollar bolan ilkinji özbek «ýekeşah» başlangyç kompaniýasydyr
OrientOrient
78
«Uzum» – bazar bahasy 1,16 milliard dollar bolan ilkinji özbek «ýekeşah» başlangyç kompaniýasydyr
Onlaýn-söwda, maliýe tehnologiýalaryna we azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyna ýöriteleşen «Uzum» özbek başlangyç kompaniýasy bazar bahasy ABŞ-nyň 1,16 milliard dollary bolan Respublikadaky ilkinji «ýekeşah» başlangyç kompaniýasy (bazar bahasy 1 milliard dollardan geçen başlangyç kompaniýalar şeýle atlandyrylýar) boldy. Ol ABŞ-nyň 114 000 000 dollary möçberinde maýa serişdelerini özüne çekdi.
Meşhur habarlar
Beýlekiler
  • «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi!
    «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi!
    Ahal infoAhal info
    Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adamzadyň edebi mirasyna öwrülen çuň many-mazmunly eserlerini giňden wagyz etmek maksady bilen, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär.   Wiktorina üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.   Wiktorina gatnaşmak üçin:   1. Wiktorinanyň düzgünnamasy esasynda ýerleşdirilen www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynyň “Bäsleşikler” bölüminde hasaba alynmaly we wiktorina gatnaşyjynyň sowalnamasyny 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda sagat 18:00-a çenli doldurmaly. Hasaba alnan talyplaryň wiktorina gatnaşmagy üçin ýörite salgy ugradylar.   2. Wiktorinanyň geçirilýän döwründe testi geçmeli.   Wiktorina 2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabat wagty bilen 15:00-18:00 aralygynda geçiriler.   Wiktorinanyň netijeleri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde maý aýynda www.yashlar.gov.tm web saýtynda ýerleşdiriler.   Ýeňijilere gymmatly bahaly sowgatlar we Minnetdarlyk hatlary gowşurylar.     Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgilere ýüz tutup bilersiňiz: +99312 44-88-73, +99312 44-88-55.
    12
  • Bilim ulgamy kämilleşdirilýär
    Bilim ulgamy kämilleşdirilýär
    Ahal infoAhal info
    Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe bilim we sport baradaky özgertmeleriniň esasynda ýaş neslleri milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek, bilim syýasatynyň esasy özenini düzýär.   Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary wajyp meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň sanly tehnologiýalary babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamanyň döwrebaplaşdyrylmagyny, talyp ýaşlaryň häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanyşynda düýpli özgertmeleri alyp barýar. Şonuň esasynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Bu möhüm resminama ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny anyk kesgitleýär.   Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary döwrebap okatmak, şeýle hem bilim bermegiň täze usulyna geçmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýär.   Il saglygy ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletimizde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen baýlaşdyrmak işi olaryň beden saglygyny gorap saklamak babatdaky aladalar bilen berk utgaşdyrylýar.   Jennet KULBAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
    7
  • “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik
    “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik
    Ahal infoAhal info
    USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy “Maslahatly çözgüt” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamasyna başlaýar. Maksatnama laýyklykda zähmet pudagynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaklyga ymtylýan uniwersitetleriň we institutlaryň uçurymlaryna gönükdirilen bolup 2024-nji ýylyň maý aýynda  başlanyp 3 aýyň dowamynda tölegsiz esasda dowam eder.   Okuw maksatnama biri-birine bagly bolmadyk, her biri 1 aý dowam etjek 3 sany modul boýunça   Logistika (Bu modul sizi logistika ulgamynda we eltip berme hyzmatyny dolandyrmakda ýetilen täze sepgitler bilen tanyşdyrar. Siz prosesleri kämilleşdirmek, netijeliligi ýokarlandyrmak we bäsdeşlikde üstünlige ýetmek üçin döwrebap gurallary we emeli aňy nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz);   Marketing (Bu modul master-klasslaryň birnäçe tapgyryny özünde saklamak bilen, siz marketing hakynda, şol sanda sosial torlarda öňe gidişligi gazanmak, SEO-kämilleşdirmek we has gowy netijelere ýetmek üçin emeli aňy ulanmak hakynda bilimleri alarsyňyz);   “HR” – işgärleri dolandyrmak moduly (Öňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze tehnologiýalary nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz) alnyp barylar.   Logistika modulyna gatnaşmaklyk üçin bellige ýazylmak şu salgy boýunça amala aşyrylyp 2024-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli doldurmak zerurdyr.
    6
  • Türkmenistan we Hytaý: medeni hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar
    Türkmenistan we Hytaý: medeni hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar
    OrientOrient
    Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Şandunda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.
    15
  • “Işe girmegiň ýollary” okuwy – bu täze işi tapmaga mümkinçilikdir!
    “Işe girmegiň ýollary” okuwy – bu täze işi tapmaga mümkinçilikdir!
    OrientOrient
    USAID-ň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Maslahatly Chozgut kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Logistika, Marketing, HR – işgärleri dolandyrmak ugurlarynda işe ýerleşmekde täze mümkinçilikleri döretmeklige ugrukdyrylan “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamany başlaýar. Maksatnama zähmet bazarynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaga ymtylýan uniwersitetleriň täze uçurymlaryna gönükdirilendir. Dalaşgärlerden okuwa çynlakaý çemeleşmekleri, ähli sapaklara hem-de çärelere işjeň gatnaşmaklary garaşylýar.
    15
  • "Maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak" atly seminara gatnaşmak üçin Arza
    "Maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak" atly seminara gatnaşmak üçin Arza
    OrientOrient
    USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy El Enay Hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda “Aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň arasynda maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, goşmaça mümkinçilikler döretmek üçin maliýe dolandyryşy, maliýe seljermesi we býudjetleşdirmekde başarnyklary we bilimleri artdyrmak maksady bilen okuw seminaryny Balkan welaýatda ýaşaýanlar üçin geçirýär.
    16