Motosikller we motosikl sürüjileri baradaky kinofestiwal

1 gün ozal 19

Birleşen Arap Emirliklerinde ilkinji Dubaý motosikl film festiwaly tamamlandy. Üç gün dowam eden film görkezilişinde motosikl sürüjileriniň gysga filmleri we olaryň durmuşy barada doly dokumental filmler görkezildi.

Festiwalyň esasy guramaçysy Ian Karlessiň aýtmagyna görä, motosikl barada düşürilen wideolar köp bolany  sebäpli, saýlama prosesi hem gat kyn geçipdir. Festiwalda jemi 30 film görkezildi. Çäräniň iň görnükli filmlerinden biri “Çalt sür Eddi” boldy. Bu dokumental film Beýik Watançylyk urşunyň weterany barada bolup, ol häzir wagtda hem her gün motosiklde aýlanýar.

Ýerli kinorežissýorlar çölde motosikl sürýän aýal-gyzlar hakynda ylham beriji, “Näme üçin münýäris” atly gysga filmi hödürlediler. Filmiň režissýory Maýkl Wosloo bu filmiň hiç haçan motosikla münmedik adamlar üçin, esasan hem motosikl özlerine görä däl diýip pikir edýän aýallar üçin niýetlenendigini aýtdy. Režissýoryň pikirine görä , bu film başgalara ylham berýär.

Bu ýylky üstünlikden ugur alyp, gurnaýjylar indiki fewralda geçiriljek ikinji festiwala taýýarlyk görüp başladylar.

“Met Gala 2021” geçirildi

Bütin makalany okaň