BMG-niň baş maksady – sanjym

1 gün ozal 13

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde baş binasy ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň esasy organy bolan Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň öz işine başlanmagy mynasybetli guralan dabara BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş we Baş Assambleýanyň täze başlygy Maldiw Respublikasynyň wekili Abdulla Şahid çykyş etdiler.

BMG-niň Baş Sekretary Guterriş dünýä döwletlerini esasy meselä – koronawirtus ýokanjyna gar’y göreşmäge çagyrdy.

Baş Assambleýanyň täze başlygy Abdulla Şahid Baş Assambleýanyň nobatdaky 76-njy mejlisiniň gün tertibine degişli meseleler barada durup geçip, onuň esasy gün tertibinin COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmek bolup durjakdygyny belledi.

Şahidiň bellemegine görä, eger tagallalar birleşdirilen halatynda 2022-nji ýylyň ahyrynda tutuş dünýäni sanjym edip bolar.

21-nji sentýabrda ýokary derejedäki forumlar başlanar. Şol wagta çenli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisine gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary we ministrler Nýu-Ýork şäherine gelerler.

Baş Assambleýanyň 75-njy mejlisi öz işini tamamlap, 76-njy mejlise badalga berildi. Ol 1 ýyllap dowam eder. Onuň çäklerinde köp sanly forumlar, maslahatlar we seminarlar guralar.

Baş Assambleýanyň 75-njy mejlisiniň başlygy Türkiýe döwletiniň wekili Wolkan Bozkyr Baş Assambleýanyň çekijini 76-njy mejlisiň başlygy Abdulla Şahide tabşyrdy.

Türkmenistan-Özbegistan: söwda dolanyşygy 1 milliarda ýetiriler

Bütin makalany okaň