2021 MTV aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri

1 gün ozal 8

Geçen ýyl çäkli we onlaýn geçirilen dabaradan soň, 2021 MTV aýdym-saz baýraklary bu ýyl dabaraly ýagdaýda Bruklindäki “Barclays” merkezinde eýelerine uly höwes bilen gowşuryldy.

Doja Katiň sahnada alyp baryjylyk eden we  aýdym-sazlary ýerine ýetiren dabarasynda, Kamila Kabello, Khloe, Jak Harlow, Justin Biber, Kaseý Musgrawes, Oliwia Rodrigo, Ozuna, Şawn Mendes, Taini we “Twenty One Pilots” ýaly aýdymçylar sahna çykyşlary bilen öňe saýlandy.

Jastin Biber 6 kategoriýada dalaşgär görkezlip, ýylyň aýdymçysy adyna mynasyp boldy. BTS bolsa ýylyň topary baýragynyň eýesi boldy. Oliwiýa Rodrigo bu gijede köp baýraklara mynasyp görüldi we iň gowy  ýaş aýdymçy, ýylyň aýdymçysy,“Push Performance of the Year” baýraklarynyň ýeňijisi hökmünde bellenildi.

2021 MTV aýdym-saz baýraklarynyň ýeňijileri yglan edýän dabarada Jennifer Lopez we Madonna hem çykyş etmek üçin sahna çykdylar. Madonna ilkinji gezek 1984-nji ýylda MTV aýdym-saz baýraklarynda çykyş edipdi.

“PETRONAS Çarigali”: sürüjileri işe çagyrýar

Bütin makalany okaň