OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi
Ahal infoAhal info
40
OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi
Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) geçirmeklige badalga berildi. Bu halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi.     Bu halkara informatika olimpiadasy bu ýyl 18 ýurtdaky 52 ýokary okuw jaýlarynydan 270 den gowrak talyby, 30-dan gowrak daşary ýurtly mugallymlary bir ýere jemlär. Halkara olimpiada 2 tapgyrda geçirilip 1-nji tapgyrda 5 sany ýumuşdan ybarat bolan programmalary işläp düzmek ýumuşy tabşyrylar, 2-nji tapgyr bolsa 18-nji aprelde bolsa kiberhowpsuzlyk meselelerini çözmäge degişli tehniki ýumuşlar beriler.     Ýumuşlar 180 minudyň dowamynda ýerine ýetirilip, netijeler özbaşdak baha berýän monitoring programmasy arkaly jemlener. Ýeňiji bolan gatnaşyjylara altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de ýörite diplomlar bilen sylaglanar. Halkara olimpiadanyň netijeleri 19-njy aprelda yglan ediler.   Musa Şamyradow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Meşhur habarlar
Beýlekiler
  • USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady
    USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady
    OrientOrient
    Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) alty sany surdoterjimeçisi üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady. 12-nji we 22-nji aprel aralygynda geçirilen bu sapar Türkmenistanda eşidiş ukyby pes bolan adamlara has-da gowy hyzmat etmekleri üçin surdoterjimeçileriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.
    15
  • 3d printerler barada
    3d printerler barada
    Ahal infoAhal info
    Adyndan görnüşi ýaly, 3D printerler dürli materiallardan üç ölçegli zatlary gurup bilýärler. Köplenç dükanlarda ýa-da dizaýn studiýalarynda, mekdeplerde we jemgyýetçilik merkezlerinde tapylsa-da, 3D printerler iş oturgyçlarynda, dynç alyş otaglarynda we aşhanalarda, belki-de ýakyn jaýlarda-da tapylýar. Iň esasy, 3D printer üç ölçegli jisimi emele getirmek — mehanizmiň düzüm bölekleri, skeletiň süňkleri, titanly implant ýa-da protez, gaz turbinasynyň elementleri, keramiki gap-gaçlar, öýleriň maketleri, kiçi etrapçalaryň maketleri, oýnawaçlar, barokko stilinde uly bolmadyk heýkeljikler, köwüşler we beýlekiler ýaly zatlary ýasamaga mümkinçilik berýär. Hatda 20 sagadyň dowamynda uly bolmadyk öýleri döredip bilýän 3D printerlerem bar.   Ýaňy ýakynda Katarda iki talyp gök önümleri köpçülikleýin çap edip bilýän 3D printerini döretdi. Talyplar bu printeriň bütin dünýäde azyk howpsuzlygynyň ýokarlanmagy meseleleriniň çözgüdi bolar diýip umyt edýärler.    3D çap edilen önümçilik, geljege gaty gyzykly potensialy bolan çalt ösýän pudakdyr. 3D çap edilen zatlaryň durmuşymyzy has aňsat, has amatly, has ygtybarly we sagdynlaşdyryp biljekdigini ýaňy görüp başladyk. 3D çap etmek, adamlar çap etmek üçin täze dizaýnlary oýlap tapyp bilşi ýaly çalt ösmegi bilen, günortanlyk naharyňyzy, adaty eşikleri ýa-da çalşylýan bölekleri 3D görnüşinde çap edip boljak dünýäde ýaşamagymyzdan kän wagt geçmän biler.   Gülruh REMAZANOWA, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky  Döwlet gullugy akademiýasynyň sanly dolandyryş ugrunyň talyby.
    10
  • Türkmen bedewiniň tarypy
    Türkmen bedewiniň tarypy
    Ahal infoAhal info
    “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlaryny şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda surakeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşikdäki ýeňijilere hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp boldular.   Bäsleşige gatnaşan heýkeltaraşlaryň eserlerinde gadymyýetden gözbaş alýan türkmen ahalteke bedewiniň şan-şöhraty, taryhy we türkmen halkyň arasynda goýulýan hormatyň beýany şöhlelendirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde milli şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk ugrunda döredilen Kerim Soltanowyň “At gazanan goç ýigide, owwal bedew aty gerek”, Togrul Muhyýewiň “Altynjan hatyn”, Atajan Çaryýewiň “Bedew”, Ramazan Artykowyň “Behişdi bedew”, Serdar Jumaýewiň “Joşgun”, Hajymuhammet Baýramowyň “Wepaly dostlar”, Bekmyrat Bekmyradowyň “Seýit Jemaleddin”, Seýrangeldi Berdiýewiň “Türkmen bedewi” ýaly işleri bellemek bolar. Serdar Jumaýewiň “Joşgun” atly heýkel eseri özüniň monumental häsiýeti bilen tomaşaçyny özüne çekip, dag gerişleriň arasynda joşgunly çapyp barýan ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilipdir.   Bäsleşikde şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Soltanow “At gazanan goç ýigide, owwal bedew aty gerek” atly heýkeli üçin şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaş heýkeltaraşyň taslamasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ähmiýetli tarapyny görkezýär. Bu taslama akyldar şahyrymyzyň türkmen bedewine bagyşlanan goşgy setirlerini beýan edipdir. Şahyryň elinde saklap duran golýazmada altynsow harplar bilen şeýle setirler beýan edilýär:   At gazanan goç ýigidiň, Owwal bedew aty gerek. Gelene garşy durmaga Ýagşy muhabbet gerek.   Umuman, ýaş suratkeşler türkmen bedewiniň keşbini janlandyryp, onuň waspyny buýsanç bilen beýan edýärler. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary, milli gymmatlyklarymyzy, ahalteke bedewiniň seýisçilik sungatyny sungat eserleriň üsti bilen dünýä ýaýmak örän ähmiýetli.   Şatlyk Saparow, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
    9