Ädimme-ädim finala tarap!
Ashgabat inAshgabat in
37
Ädimme-ädim finala tarap!
Ýurdumyzda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda 5-nji günüň oýunlary geçirildi. Bu aýlaw haýsy hokkeý toparynyň “finalist” adyna eýe bolmalydygyny kesgitleýän aýlawdyr. Belläp geçsek, Türkmenistanyň adyndan çykyş edýän “Galkan” topary yzygiderli 4 oýunda hem uly hasaply ýeňiş gazanmagy başaryp, wagtyndan öň finala çykmaga hukuk gazanypdy.  Ýaryşyň 5-nji gününde hem adatdaky bolşy ýaly toparçalarda 4 sany duşuşyk geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri şulardan ybarat: «Ice Box» (Eýran) 1:6 «Feniks» (Özbegistan) «Dordoý» (Gyrgyzystan) 1:2 «Wolat» (Belarus) «Oman Nationals» (Oman) 3:2 «Bahreýn» (Bahreýn) «Adihic-Kazan» (Tatarystan) 6:1 «Akmola» (Gazagystan) Netijelere we çempionatda toplanan utuklara görä, 20-nji aprelde, final duşuşygynda Russiýa Federasiýasynyň(Tatarystanyň) “Adihic-Kazan” topary  ýurdumyzyň “Galkan” topary bilen duşuşar. Continue reading Ädimme-ädim finala tarap! at InAshgabat.
Türkmenistan