Halkara hokkeý ýaryşynda 4-nji gün
Ashgabat inAshgabat in
67
Halkara hokkeý ýaryşynda 4-nji gün
A topar boýunça, häzirki wagtda 4 oýunda hem uly hasaplar bilen ýeňiş gazanan Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary öz toparynda ýokary netije görkezip, liderligi saklaýar. Halkara hokkeý ýaryşynyň 4-nji gügünde Özbegistanyň “Feniks“ toparyny 9:1 hasap bilen ýeňmegi başaran türkmen hokkeýçileri öz adyny finala ýazdyrmagy başardy. Özbegistanyň “Feniks“ topary bolsa, öňümizdäki oýny ýeňiş bilen tamamlan ýagdaýynda A toparda 2-nji oruny eýeläp, çempionatyň bürünç medaly ugrunda göreşer. Sizi halkara hokkeý çempionatynyň 4-nji gününiň netijeleri bilen tanyş edýäris: «Galkan» (Türkmenistan) 9:1 «Feniks» (Özbegistan) «Wolat» (Belarus) 3:6 «Adihic-Kazan» (Tatarystan, RF) «Oman Nationals» (Oman) 0:6 «Ice Box Iran Mall» (Eýran) «Team Turkiye» (Türkiýe) 2:4 «Dordoý» (Gyrgyzystan) Ýeri gelende bellesek, B toparda utuklar boýunça 1-nji orny eýelemegi başaran topar finalda Türkmenistanyň “Galkan” topary bilen duşuşar. Continue reading Halkara hokkeý ýaryşynda 4-nji gün at InAshgabat.
Meşhur habarlar
Türkmenistan